Saglyk tapylgysyz bagtdyr

11 Sentýabr 2024
304

Uzak ýaşamagyň, bagtly ömrüň özeninde, elbetde, ilki bilen, jan saglygymyz bardyr. Şol sebäpden saglygymyz ýaşaýşymyzda esasy zerurlyklaryň biri bolup, ony gorap saklamak her birimiziň öz elimizde. Munuň üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegimiz ilkinji zerurlykdyr.

Ýurdumyzyň ähli ýerinde ynsan saglygynyň goraglylygyny gazanmak maksady bilen saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan ýerlerde wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Biz — lukmanlar bu işlere ýygy-ýygydan gatnaşyp, watandaşlarymyza saglyk bilen bagly maslahatlary berýäris. Hormatly Prezidentimiziň lukmanlara bildirýän ilkinji talaplarynyň biri hem ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmekleri we olaryň zyýanly endiklerden daşda bolmaklaryny gazanmak. Lukmanlar diňe bir saglygy dikeltmekde däl, eýsem, ony goramakda hem adamlara ýakyn ýardamçy bolmaly. Munda lukmanyň netijeli işi bilen deň hatarda degerli maslahatlary gerek.

Bahram ÝOLDAŞOW,
welaýat bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň lukmany.