HABARLAR

Saglyk ýoluny ylgap geçmek

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 2024-nji ýy­lyň maý aýyn­da ýur­du­myz­da üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň Hö­kü­met baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň «Ar­ka­la­şy­gyň tä­ze sport müm­kin­çi­lik­le­ri­niň şä­he­ri» diý­lip yg­lan edil­me­gi, şeý­le hem Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len hem-de Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za döw­let­le­riň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gyn­da «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň oýun­la­ry» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi Ga­raş­syz ýur­du­myz­da spor­ty ös­dür­mek ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re ber­len ýo­ka­ry ba­ha­nyň ne­ti­je­si­dir.

Sag­lyk — di­li­mi­ziň se­na­sy

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 «Bar za­dyň sa­ka­sy — sag­lyk» diý­ýän hal­ky­myz dur­mu­şyň öze­ni, bag­tyň owal özi, be­de­niň abat­ly­gy hök­mün­de baş sag­ly­gy­ny her­ki zat­dan ile­ri goý­ýar. Sag­dyn iý­mit­len­mek, şah­sy gi­gi­ýe­na ka­da­la­ry­ny ber­jaý et­mek, yzy­gi­der­li sport bi­len meş­gul­lan­mak be­den sag­ly­gy­my­zyň göz­ba­şy­dyr. Sag­lyk jem­gy­ýe­ti­mi­ziň äh­lu­mu­my gym­mat­ly­gy ha­sap­lanyl­ýar.

Bedenterbiýe we saglyk

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Döw­le­ti­mi­ziň pa­jar­lap ös­ýän döw­rün­de, be­den­ter­bi­ýe esa­sy üns be­ril­ýän ul­gam­dyr. Be­den­ter­bi­ýe — bu sag­dyn­ly­ga ba­kan ýol. Be­den­ter­bi­ýe bi­len meş­gul­lan­ma­gyň ne­ti­je­le­ri sag­ly­gyň göz­ba­şy­na elt­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gymyzyň, Ar­ka­dagly Gah­ry­man Serdary­my­zyň gö­rel­de­si­ne eýe­rip ýur­du­myz­da, şol san­da bü­tin dün­ýä­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ýaý­baň­lan­dyr­mak üçin yzy­gi­der­li ta­gal­la­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu bol­sa adam be­de­nin­de dö­räp bi­läý­jek ýo­kanç ke­sel­ler­den go­ran­mak üçin köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­niň ös­me­gi­ne ge­tir­ýär.

Sag­dyn­lyk — bag­ty­ýar­lyk

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Ösüş­le­riň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne çyk­ýan ýur­du­myz gys­ga döw­rüň için­de äh­li ugur­lar­da ýo­ka­ry üs­tün­lik­le­re eýe bol­dy. Di­ýa­ry­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­kit­mek, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek ba­bat­da hem ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Şu ýy­lyň 11 — 16-njy no­ýab­ry ara­ly­gyn­da paý­tag­ty­myz­da 14 ýa­şa çen­li og­lan-gyz­la­ryň ara­syn­da ten­nis bo­ýun­ça «Ash­ga­bat Open 2024» at­ly hal­ka­ra ýa­ry­şyň ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­me­gi we on­da türk­men tür­gen­le­ri­niň uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­mak­la­ry hem mu­nuň aý­dyň gü­wä­si bol­dy.

Ten­nisiň sag­ly­ga peý­da­sy

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Spor­tuň iň tä­sin we gy­zyk­ly gör­nüş­le­ri­niň bi­ri hem ten­nisdir. Onuň saglyga peýdaly taraplary diýseň kändir. Sportuň bu görnüşi tür­ge­ne öz tä­si­ri­ni ýe­ti­rip, el­my­da­ma şäh­da­çyk ed­ýär. Fi­zi­ki iş­jeň­lik­den baş­ga-da, ten­nis lo­gi­ka­ny öw­red­ýär. Şo­nuň üçin «Ten­nis nä­mä­ni ös­dür­ýär?» di­ýen so­ra­ga myş­sa to­par­la­ry­ny ös­dür­ýär di­ýen jo­gap bi­len çäk­le­nip bil­me­ris. Oýun­da iň esa­sy he­re­ket onuň stra­te­gi­ýa­sy­na, tak­ti­ka­sy­na, gar­şy­da­şyň oňaý­ly ta­rap­la­ry­ny ha­sap­la­mak, he­re­ket­le­ri­ni çak­la­mak we şuňa meňzeşler bi­len bag­ly­dyr. Ten­nis, äh­li myş­sa to­par­la­ry­ny di­ýen ýa­ly go­wy ýag­daý­da sak­la­ma­ga kö­mek ed­ýär. Dem alyş we ýü­rek ul­gam­la­ry­ny, gan aý­la­nyş işi­ni, kis­lo­rod ýet­mez­çi­li­gi­ni, gö­züň gö­re­ji­ni go­wu­lan­dyr­ýar we ýaş bi­len bag­lan­yşyk­ly gaýra üzülmeleriň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Ten­nis iň howp­suz sport gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­dir.

«Saglygyň gadryny bilgil...»

✓ — Gyş paslynda ýagyş-ýagmyrdan soň kiçi ýaşly çagalaryň ýeke özüniñ köçä çykmagyna ýol bermeli däl, gartaşan adamlar hem seresap bolmaly. ✓ Sowuk, şemally howada adamyň başy ýyly ýaglyk ýa-da başgap bilen örtülen bolmaly.

Sagdynlyk kadalary

Gyş paslynda bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly. Açyk howada gezelenç etmeli.

Belent sepgitler bilen aýdyň geljege

Ata Watanymyzyň beýik ösüşlere beslenýän zamanasynda hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ähli pudaklary, aýratyn hem, saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli ösdürmekde amala aşyrylýan maksatnamalar ýurdumyzda ynsan saglygynyň döwletiň iň gymmatly baýlygy hökmünde möhüm orun eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bilşimiz ýaly, saglygy goraýyş ulgamy jemgyýetiň iň wajyp sütünleriniň biridir. Raýatlaryň saglygyny goramak we durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler her bir döwletiň ösüş derejesiniň möhüm görkezijileriniň biri bolup durýar. Şunda ýurdumyzda bu pudagy ösdürmegiň, maddy-üpjünçilik binýadyny pugtalandyrmagyň çäklerinde häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryň gazananlaryndan netijeli peýdalanylýandygyny aýratyn bellemek gerek. Welaýatlarymyzda we paýtagtymyzda döwrüň kämil lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan hassahanalar, saglyk merkezleri dürli keselleriň irki döwürde anyklanmagyna, şeýle hem ýokary derejeli bejergi almaga şert döredýär. Şonuň bilen bir hatarda, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak, raýatlaryň bu ugu

Täze ýyl saçagynyň bezegi

Täze ýyl baýramçylygy adamlara ruhy şatlyk paýlaýar, kalplara nuranalyk çaýýar. Bu baýramçylygyň beýleki dabaralardan aýratyn tapawutly tarapy, naz-nygmatlardan doly, dürli-dümen süýjüliklere we azyk önümlerine baý saçak bilen garşylamak däbi bar. Munuň düýp sebäbi, halkyň arasyndaky: «Täze ýyly nädip garşylasaň, bütin ýyly şonuň ýaly geçirersiň» diýen ynançdan gözbaş alýar. Baýramçylyk saçagy sahylyk, bolluk bilen bezelse, geljek ýylyň berekedi hut şoňa bagly hasaplanylýar. Şonuň üçinem her bir maşgalanyň uly-kiçi agzasy toý saçagyny giňden ýazyp, arzuw-niýet edýär. Baýramçylyk saçagyny ýazanyňyzda käbir düzgünleri ýerine ýetirmegiňizi, arassaçylyk kadalaryna eýermegiňizi maslahat berýäris. Täze ýyl saçagynda arassaçylyk talaplaryny doly we dogry berjaý etmeli. Baýramçylygyň öňüsyrasynda ähli otaglarda arassaçylyk işlerini geçirmeli. Saçaga goýuljak azyk önümler ter we arassa bolmaly. Gök önümleri we miweleri akar suwuň aşagynda gowy edip, göwnejaý ýuwmaly. Işdäaçarlar we tagamlar aýratyn gapda, bölek ýagdaýda saklanylmalydyr.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Peýdaly maslahatlar Gyş paslynda wirusly ýiti respirator kesellerinden goranmaly.