Geçmişiň ýaňy
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerini öwrenmekde, gorap saklamakda we rejelemekde, olary ýaş nesillerimize ýetirmekde guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda: «Türkmen alymlary, arheologlary, rejeleýjileri ýurdumyzyň ekspedisiýalarynyň düzüminde üstünlikli işleýärler. Olar Russiýadan, Italiýadan, Fransiýadan, ABŞ-dan bolan kärdeşleri bilen bilelikde gadymy döwrüň ýadygärliklerini öwrenýärler we dikeldýärler. Munuň özi syýahatçylyk ugurlarynyň giňelmegine, muzeýleriň gazananlarynyň üstüniň täze gymmatlyklar bilen ýetirilmegine taryhyň mälim bolmadyk sahypalarynyň açylmagyna kömek edýär» diýip, belleýär. Daşyndan göreniňde açyk meýdandaky muzeýleri ýadyňa salyp duran taryhy ýadygärlikleri, gadymy şäherleriň aramgählerini, galalaryny öwrenmekde, olary nesillere ýetirmekde, gorap saklamakda, rejelemekde ýurdumyzdaky döwlet taryhy-medeni goraghanalaryň ähmiýeti uludyr. Bu asylly işe Kaka etrabyndaky «Abiwerd» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň agzybir zähmet topary hem özüniň mynasyp goşandyny goşup gelýär. Şeýle bolansoň olaryň alyp barýan işleri bilen gyzyklanyp, olar bilen gürrüňdeş bolmagy makul bil