Sahawatly şäher

28 Oktýabr 2021
2882

Gadymy medeni ojaklaryň biri, orta asyrlarda maddy hem ruhy-ahlak gymmatlyklaryň mekany bolan Nusaý şäheri Köpetdagyň etekleriniň oňaýly tebigy şertleri bilen gurşalypdyr. X asyryň belli geografy Ystahrynyň berýän maglumatlaryna görä, orta asyrlarda Nusaý şäheri suw çeşmelerine, bagy-bossanlyga baý bolupdyr. Nusaýyň uç-gyraksyz hasylly topragy dagyň içine uzap gidipdir. Bolçulyk hem asudalyk höküm sürüpdir. Biri-birine gol salýan baglarda tagamly miweler ýetişipdir. IX asyryň jahankeşdesi ibn Hurdazbehiň işinde 826 — 827-nji ýyllar üçin Nusaýyň döwlete tabşyran paç töleginiň 893 müň dirhemden agdyk bolandygy beýan edilýär. Bu ýagdaý Abywert, Sarahs, Tus ýaly goňşy şäherleriň görkezijilerinden ep-esli köp bolup, Nusaýyň oba hojalygynyň gowy derejede bolandygyndan habar berýär.

Şäheriň merkezinde ýerleşen metjit we onuň ýanyndaky bazar orta asyr şäherlerine häsiýetli aýratynlyklara eýe bolupdyr. Juma metjidi örän uly hem ajaýyp gurlupdyr. Nusaý şäherindäki bu metjit hakyndaky maglumatlar belli syýahatçy we geograf Makdysynyň ýazgylarynda saklanylýar. Metjit diňe bir ybadat edilýän ýer bolman, adamlaryň gündelik meseleleri ara alyp maslahatlaşýan ýeri hökmünde syýasy hem jemgyýetçilik wezipesini ýerine ýetiripdir. Şäheriň bazary hatar-hatar edilip gurlupdyr. Onuň özboluşly aýratynlyklary, täsin şertleri bolupdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Nusaýdan ýüpekden tikilen egin-eşikler, matalar, künji we jasmin ýagy, deri-gön ýaly harytlar daşary ýurtlara çykarylypdyr.

Rahmanmuhammet AÝMÄMMEDOW,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.