Şöhratly taryhymyza buýsanç

26 Oktýabr 2021
3172

Türkmen halkynyň şöhratly taryhy gadymyýete uzap gidýär. Ýurdumyzyň çäginde halkymyzyň şöhratly geçmişini özünde jemleýän taryhy-medeni ýadygärlikleriň ençemesi ýerleşýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns bermegi bilen türkmen halkynyň milli mirasyny ylmy esasda öwrenmekde hem-de wagyz etmekde uly üstünlikler gazanyldy. Şeýle buýsançly üstünlikleriň netijesinde gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç ýaly ýadygärliklerimiz ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Ol taryhy ýadygärlikler türkmeniň şöhratly geçmişini bütin dünýä ýaýýar.

Eziz Diýarymyz başga-da taryhy-medeni ýadygärliklere örän baý mekan. Ýadygärlikleriň has gadymy döwürlere degişlileri-de bar. Orta asyrlarda gurlan binalar hem özboluşly gurluşy, binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde taryhy-medeni ýadygärlik toplumlary örän köp. Dehistanda, Nusaý galasynda, Amul galasynda, Merw ýadygärlikler toplumynda, gadymy Köneürgençde nepis, haýran galarlyk binagärlik täsinliklerine duş gelmek bolýar. Aýratyn hem Paryzdepe, Maşat ata, Togalakdepe, Goňurdepe, Namazgadepe, Ulugdepe, Altyndepe, Ýylgynlydepe ýaly ýerlerde has gadymy döwürde medeniýetiň ösendigine güwä geçýän ýadygärlikler näçe diýseň bar.

Şirin ATDAÝEWA,
Balkanabat şäherindäki 5-nji orta mekdebiň mugallymy.