Mahmyt täjiriň gyzy Şeýdabibi üçin sawçylyga gelen daýzalar giň otagdaky sekiniň üstünde ýazylan saçak agzyňy suwardýan naz-nygmatdan doly bolsa-da, edil doýan guş ýaly bolşup, onuň daşynda äwmezlige salyp, ümsüm oturdylar. Ahyry bu ümsümligi öý bikesi Naryma hanym bozdy:
— Eziz myhmanlar, döwletli gapymyza hoş gelipsiňiz! Timuryň enesi häliden bäri sessiz-üýnsüz otyrsyňyz, näme habaryňyz bolsa aýdyp oturyň, eşideli!