Geçmişde halklary jebisleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň bir şahasy Amul şäheriniň üstünden geçip, onuň ykdysady we medeni ösüşine ýardam beripdir. Orta asyr ýazuw çeşmeleri, arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri Amulyň döreýiş taryhynyň gönüden-göni Amyderýa bilen baglanyşyklydygyna güwä geçýär. Taryhçylar gadymy Amul galasynyň, takmynan, miladydan öňki IV-I asyrlarda esaslandyrylandygyny, şol döwürde galanyň tutýan meýdanynyň ony gurşap oturan şähristan bilen bilelikde, 150 — 175 gektardan gowrak bolandygyny çaklaýarlar. Amul galasynyň bol suwly derýa geçelgelerine ýakyn, geografik taýdan amatly ýerleşmegi ilatyň ýaşaýşy üçin gowy şertleri üpjün edipdir. Gala ýuwaş-ýuwaşdan giňelipdir hem-de ykdysady taýdan kuwwatlanypdyr.
Taryhy çeşmeler Amul galasynyň aşaky gatlagynyň Kuşanlar zamanyna degişlidigini, şol döwür galanyň strategik taýdan möhüm ýere öwrülendigini tassyklaýar. Amul galasynda geçirilen arheologik barlaglaryň netijesinde, toýundan we daşdan ýasalan gazanlar, geometrik hem ösümlik häsiýetli örän baý nagyşlanan gap-gaçlar, jürlewükler, aýnadan we metaldan ýasalan önümler tapylýar. Bu bolsa Amul şäherinde hünärmentçiligiň, söwdanyň ösendigine şaýatlyk edýär.