HABARLAR

Atly sportuň taryhyndan

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Atçylyk sportunda ahalteke atlarymyz özüniň häsiýetleri babatda beýleki tohumdan bolan bedewlerden tapawutlanýar. Munuň şeýledigini dürli ýyllarda geçirilen atly sport ýaryşlarynyň görnüşlerinde behişdi bedewlerimiz aýdyňlyk bilen görkezmegi başarypdylar. Taryhyň gatlaryna ser salanymyzda bu barada gyzykly maglumatlaryň üstünden barýarsyň. Türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen atlar özüniň owadanlygy, ýüwrükligi, uzakçyllygy, çadamlylygy, eýesine wepalylygy bilen tanalýar. Muňa ilkinji nobatda 1935-nji ýylda geçirilen Aşgabat — Moskwa atly ýörişini mysal getirmek bolar.

“Jadyly baýramçylyk” dürli yklymlarda

Täze ýyl baýramçylygy örän üýtgeşik, jadyly baýramçylyk. Sebäbi täze ýyl ähli ynsanlaryň kalplaryna nur paýlap, uly-uly umytlara, owadan arzuwlara beslenýär. Bu baýramçylyk ajaýyp bir dünýewi baýramçylyk bolup, dünýäniň ähli künjeklerinde maşgala baýramçylygy hökmünde meşhurdyr. Bu baýramyň belleniliş senesiniň senenamalara görä üýtgemegi bilen, şol baýramçylygyň belleniliş tertibi, däpleri we özboluşly aýratynlyklary hem üýtgeýär. “Kamboja Täze ýyly” ady bilen bellenýän Täze ýyl baýramçylygy her ýylyň aprel aýynyň 13-14-i aralygynda bellenilip geçilýär. Bu täze ýyl baýramçylygy 3 gün dowam edip, onuň ilkinji güni “Moha Sonkran” diýip atlandyrylsa, ikinji we üçünji günleri “Wirak Wanabat” we “Wirak Lourng Sak” atlary bilen bellidir.

Guýrukly depe

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň arheologik ýadygärliklerini öwrenmekde netijeli işler alnyp barylýar. Bu gymmatlyklaryň taryhy türkmeniň şöhratly geçmişi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şeýle ýadygärlikleriň biri hem özboluşlylygy bilen açyk asmanyň astyndaky muzeý hasaplanýan Guýrukly depe arheologik ýadygärligidir. Ol Sarahs şäherçesinden 10 kilometr demirgazykda ýerleşip, III — VIII asyrlar bilen senelenýär. Guýrukly şäheri Parfiýa we Sasanylar döwrüne degişli, ölçegi 130x160 metrlik köşkdür. Onuň beýikligi 12,61 metr bolup, girelgesi gündogar tarapda bolan diýlip çaklanýar. Depäniň bir tarapy peselip, daşyndan seredeniňde, guýrugyň şekilini ýada salýar. Şol sebäpli ýerli ilat ony «Guýrukly depe» diýip atlandyrypdyr. Ýadygärlikde 1953 — 1957-nji ýyllar aralygynda arheolog G.Adykowyň, 1964 — 1970-nji ýyllarda Ö.Orazowyň ýolbaşçylygynda degişli arheologik toparlar tarapyndan ylmy-barlag işleri alnyp baryldy. Guýrukly depede 2010-njy ýyldan «Köne Sarahs» döwlet taryhy-medeni goraghanasy bilen bilelikde, türkmen-polýak arheologik ekspedisiýasynyň gatnaşmagynda gazuw işleri geçirilýär. 2014-nji ýyldaky işleriň esasy maksady bu depäniň gorag diwarlaryny wagt taýdan senelendirmek we dolandyryş köşgüniň şekilini ýüze çykarmakdan

«Akylly» öýler

Adamzat ähli döwürde hem ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýeňilleşdirmek, daş-töweregimizi gurşap alýan ägirt uly dünýäniň özünde saklaýan syrlaryny açmak, öwrenmek, göz ýetirmek isläpdir. Mälim bolşy ýaly, häzirki günlerimize çenli  ýazyjy-şahyrlar, alymlar durmuşymyzy ýeňilleşdirjek tehnologiýalaryň dörejekdigi barada öz eserlerinde, şygyrlarynda we ylmy işlerinde ýazypdyrlar. Ýazyjy Reý Bredberri özüniň 1950-nji ýylda neşir edilen «Mylaýym ýagyş bolar» («Будет ласковый дождь») romanynda geljegiň «akylly» öýleri barada giňişleýin belläp geçipdir. Şol wagtlar bu pikir başa barmajak täsinlik ýaly bolsa-da, häzirki döwürde adamlar şeýle jaýlarda ýaşap ýörler. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň diňe bir ýaşaýyş jaýlarynda däl, eýsem şaýollarydyr köçelerinde, edara-kärhanalarynda, mahlasy, ähli düzümlerinde «akylly» şäher konsepsiýasy ornaşdyrylan. «Akylly» öýleriň özünde jemleýän mümkinçilikleri we onuň taryhy barada bilmek gyzykly bolsa gerek. «Akylly» öýüň taryhy öz gözbaşyny geçen asyryň 60-njy ýyllaryndan, ýagny ýagtylygy sazlaýjy enjam bolan dimmeriň döremeginden başlanýar. XX asyryň ahyrynda tehnologiýa bazarynda tranzistorlar, sanly gözegçilik enjamlar, mikroshemalar we programmalaşdyryp boljak beýl

Mertlik mekdebinde «alp» düşünjesi

Gahryman Arkadagymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly ajaýyp eserinde: «Ata-babalarymyz mertlik, lebzihalallyk, kasama wepalylyk meselesini asyrlardan-asyrlara geçirip, nesilleri terbiýeläpdir. Şol terbiýe bilen hem ilini-ýurduny gorapdyr. Ata-babalarymyzyň durmuşynda il-ýurdy goramak ilkinji orunda goýlupdyr» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýan edişi ýaly, milli taryhymyzyň gatbar-gatbar sahypalarynda ata-babalarymyzyň merdi-merdanalyk, gaýduwsyzlyk häsiýetleriniň waspy aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Pederlerimiziň ynsanperwerligi, parahatçylyk söýüjiligi bilen bir hatarda, ene topragy, agzybirligi, halkyň asudalygyny goramakda şirin jandan geçmek ýaly mukaddes taglymatlarynyň bolandygy äşgärdir. Il içinde şol mertleriň gahrymançylygyny wasp edip, dürli atlary dakmak bolsa, Oguz han döwründen gelýän milli dessurymyzdyr. «Kitaby Dädem Gorkutda» ýaş ýigitleriň göze deger bir iş bitirenden soňra at alýandyklary Bogaç hanyň mysalynda görkezilýär. Ýagny Bogaç han öküziň maňlaýyna ýumruk atyp, ýere serenden soňra şeýle ada eýe bolupdyr. Oňa «Bogaç» adyny hut Gorkut atanyň özi dakypdyr. Munuň terbiýeçilik ähmiýetinde mertlige, gaýduwsyzlyga ruhy itergi duýulýar.

Gadymy hem müdimi Şähryslam

Diýarymyzyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, gadymy döwürlerde gülläp ösen ajaýyp şäherleriň taryhy-binagärlik ýadygärlikleri biziň günlerimize gelip ýetipdir. Olar ýurdumyzyň çar künjünde ýerleşip, döwlet tarapyndan goralýar we ylmy-arheologiki gazuw-agtaryşlaryny we dikeldiş işlerini alyp barmak arkaly yzygiderli öwrenilýär. Olaryň hatarynda Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşen Nusaý, Änew, Abiwerd, Altyndepe, Namazgadepe, Sarahs ýaly gadymy ýadygärlikleri buýsanç bilen görkezmek bolar. Şeýle ýadygärlikleriň hatarynda welaýatyň çäginde ýerleşen Şähryslam şäheri aýratyn orna eýedir. Şähryslam şäheri özüniň tebigy taýdan ýerleşişi, jaýlarynyň binagärlik-gurluşy, çarwa medeniýeti babatda dürli aýratynlyga eýe bolupdyr. Bu gadymy şäher hakynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda gymmatly maglumatlar bar. Kitapda beýan edilişi ýaly, Şähryslam şäheriň Bäherden şäherçesiniň merkezinden 20 kilometr demirgazykdaky orta asyr Täk Ýazyr galasynyň galyndysydyr.

«Hakyda göwheri»: taryhyň geljege ýaňy

«Biziň halkymyza ylma yhlaslylyk we kitaplara bolan söýgi mydama-da mahsus bolupdyr. Halk nesilden-nesle geçip gelýän kitaplary gözüniň göreji ýaly gorap saklapdyr» diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow täze «Hakyda göwheri» atly ajaýyp eserinde belläp geçýär. Elbetde, kitap okamak, ylym öwrenmek türkmeniň aslynda bar diýsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Esasan hem halkymyzyň müňýyllyklara uzap gidýän geçmişini, türkmenleriň taryhy döwürlerde görkezen mertliklerini, gahrymançylyklaryny, gadymy arhitektura ýadygärliklerini, medeni gymmatlyklaryny açyp görkezýän kitaplaryň gymmaty has-da uly bolýar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 29-njy noýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň neşir edilendigini habar berdi. Gahryman Arkadagymyzyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly baýramçylygynyň öň ýanynda bu kitabyny sowgat bermegi halkymyzyň şatlygyny goşalandyrdy, joşgunyny ganatlandyrdy. Bu ajaýyp kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýoly, dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandy, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleri taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilýär. Bu gymma

Ýene-de Meňli hakynda

Magtymguly atamyzyň şahsy durmuşy hemmelere gyzykly. Ýöne wagt çäginiň daşlygy, XVIII-XIX asyrlaryň syýasy durnuksyzlygy köp maglumatlaryň ýitmegine getiripdir. «Magtymguly öz söýen gyzy Meňlä öýlenipdirmi, ol gyz kim?» diýen ýaly sowallary halk köpçüliginden häli-şindi eşitmek bolýar. Bu barada gapma-garşylykly pikirler köp. Takmynan, 300 ýylyň wakalarynyň içinde bolup, anyk maglumatlary ýazyp beýan edip giden adam ýok. Magtymguly atamyzyň goşgularynda-da bu barada jedelsiz jogap goýmandyr ýa-da biziň günlerimize gelip ýetmändir. Bu jogaby diňe biziň günlerimize gelip ýeten rowaýatlardan, Magtymguly atamyzyň nebereleriniň gürrüňlerinden, onuň goşgularyndan manysyny teswirläp almaly bolýar. Bu pikir barada adaty adamlar we Magtymgulynyň döredijiligini öwrenijiler iki topara bölünýärler. Birinji topar Magtymguly Meňlä öýlenipdir, soňra pelegiň şumlugy, ýagny Meňliniň dünýeden gaýtmagy zerarly aýra düşüpdir diýen pikiri öňe sürýär. Ýöne bu pikiri öňe sürýänleriň subutnamalaryny gowşak görýän.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyndan:

— Ajaýyp «Oguznama» eserinde Ogzuň ogullaryna at dakmakdaky eýeren ynamy «Asman-Zemin» bitewüligi dogrusyndaky pikiriň haýran galdyryjy jemlenmesidir. Şu taglymatyň içinde sansyz köp pikirler ýaşaýarlar. Iň nygtalmaly ýerem, şol pikirleriň, netije aýdyňlygynyň adamzada derwaýys bolup durýanlygydyr. Özüňden beýgelip, il bolunýar, iliňden beýgelip, halk bolunýar, halkyňdan beýgelip, dünýä bolunýar. Şu ýerde hyýalyma «Bir öýüň yşygy beýleki öýe düşmez» diýilýäni hem gelýär. «Yşygyňy» goňşy-golamyň, içiň-daşyň bilen deň düşer ýaly etmek üçin «yşyk» bir öýe niýetlenilip ýakylmaýar. «Yşyk» nur çaýyp, şamçyrag gymmatbaha daşy ýaly, ähli ýere ýagtylyk berýär.

Kagyz önümçiliginiň taryhy

«Kagyz haçan we nirede ýüze çykdy? Kagyz döremänkä adamlar maglumatlary nämede sakladylarka?» diýen sowal köpleri gyzyklandyrýandyr. Kagyz döremezden öň adamlar maglumatlary agaç gabygyna, ýapraklara, derä, süňklere ýazyp saklapdyrlar. Maglumat saklamak üçin ulanylan serişdeleriň biri-de papirusdyr. Ony kagyz hökmünde, takmynan, biziň eýýamymyzdan 4000 ýyl öň Müsürde ulanyp başlapdyrlar. Kiçi Aziýada biziň eýýamymyzdan öň II asyrda pergamentden hem peýdalanypdyrlar. Pergamenti öndürmek juda çylşyrymly, kyn iş bolup, ol sygyrlaryň we goýunlaryň derisinden taýýarlanylýar. Onuň iki tarapyna hem ýazyp bolýar. Pergamentde ýazgylar uzak wagtlap saklanýar.