Atly sportuň taryhyndan

12 sagat öň
6

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024

Atçylyk sportunda ahalteke atlarymyz özüniň häsiýetleri babatda beýleki tohumdan bolan bedewlerden tapawutlanýar. Munuň şeýledigini dürli ýyllarda geçirilen atly sport ýaryşlarynyň görnüşlerinde behişdi bedewlerimiz aýdyňlyk bilen görkezmegi başarypdylar. Taryhyň gatlaryna ser salanymyzda bu barada gyzykly maglumatlaryň üstünden barýarsyň. Türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen atlar özüniň owadanlygy, ýüwrükligi, uzakçyllygy, çadamlylygy, eýesine wepalylygy bilen tanalýar. Muňa ilkinji nobatda 1935-nji ýylda geçirilen Aşgabat — Moskwa atly ýörişini mysal getirmek bolar.

Annabaýram PAÝAÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.