Saýawanyň taryhyndan

28 Noýabr 2024
181

Ýene birnäçe günden gapymyzy kakjak ajaýyp gyş paslyny ýagyş-ýagmyrsyz, garsyz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Ýagyşdyr gardan goranmak üçin hem, elbetde, saýawan ulanýarys. Taryhy maglumatlara görä, saýawan ilkinji gezek miladydan öňki ikinji müňýyllykda Mesopotamiýada, ondan soň Müsürde, Gresiýada, Hytaýda guş ýeleklerinden ýasalyp, ulanylmaga başlanypdyr. Çünki bu saýawanlar ilkibaşda ýagyş-ýagmyrdan däl-de, eýsem, günden goranmak maksady bilen ýasalypdyr.

Iňlis dilinde ulanylýan “umbrella” (saýawan) sözi hem latyn dilindäki “umbra” sözünden gelip çykyp, “kölege” diýmegi aňladýar. Ispanlar saýawany “parasol” diýip atlandyrýarlar. Bu ispan dilinde “günden goranmak” diýmekdir. Ýagyş-ýagmyrdan goranmak üçin niýetlenen saýawanlar ilkinji gezek Hytaýda öndürilipdir. Bu saýawanlar kagyzdan ýasalyp, ýagyş suwuny geçirmezlik üçin mumlanypdyr.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Jangeldi IŞANKULYÝEW,
Çärjew etrabynyň 37-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy.