Söz ussadyna sarpa

4 Dekabr 2024
157

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy barada: «Magtymguly Pyragy nusgawy türkmen edebiýatynyň taryhynda täze bir edebi mekdebi döretmegi başaran şahyrdyr» diýip, aýratyn belleýär. Beýik söz ussadynyň şol derejä ýetmek üçin, onuň «San bolsam» goşgusynda atlaryny agzap geçýän Gündogaryň beýik danalary Abu Seýidiň, Omar Haýýamyň, Hemedanynyň, Firdöwsiniň, Nyzamynyň, Hafyzyň, Jelaleddin Rumynyň hem-de Abdyrahman Jamynyň döredijiliginden ylham alandygy nygtalýar. Sebitde belli şahsyýetleriň kemala gelmegine belli filosof Ibn Arabynyň eserleriniň täsir edendigi baradaky maglumatlar özbek alymy D.M.Holmuminowyň ylmy işlerinde öz beýanyny tapýar.

Alym D. M. Holmuminow Ibn Arabynyň 400-e golaý eser ýazandygyny, olardan 200-den gowragynyň biziň günlerimize gelip ýetendigini belleýär. Olaryň arasynda «Futuhat al-Makkus» («Mekgedäki ýeňiş»), «Fuzus ul-Hikam» («Akylyň merjeni»), «Wahadat al-wujud» («Barlygyň jebisligi») eserleri iň ýörgünlileri hasaplanylýar. Bu agzalan çeşmeleri filosof alymlar hem öz işlerinde ýygy-ýygydan peýdalanypdyrlar.

Serdar ATAÝEW,
taryh ylymlarynyň kandidaty.