Saýawan

3 Dekabr 2024
188

Güneşli hem-de ýagynly günlerde peýdalanylýan saýawanyň gelip çykyşy hemmeleri gyzyklandyrýan bolsa gerek. Gadym döwürde saýawan diňe Günüň ýiti şöhlesinden goranmak üçin oýlanyp tapylypdyr. Saýawanyň adynyň gelip çykyşy hem muny subut edýär. Ol «umbros» diýen latyn sözünden gelip çykyp, «kölege» diýen manyny aňladýar. Günden goraýjy saýawanlar ýeňil we sada görnüşde bolup, olar mundan 4 müň ýyl ozal gadymy Müsürde döräpdir. Ilkinji saýawanlary palma agajynyň ýapraklaryny tutawaja berkidip ýasapdyrlar.

XI asyrda Hytaýda ýüpekden taýýarlanan suwa çydamly saýawanlar öndürilip başlanypdyr. Soňra bu saýawanlar Ýewropa ýurtlarynyň hem köpüsine ýaýrapdyr. Irki döwürler Gadymy Gresiýada we Müsürde saýawany zenan maşgalalar bezeg hökmünde ulanypdyrlar. Saýawanlarda soňky döwürler açylyp ýapylma mümkinçiligini hem döredipdirler. XVI-XVII asyrlarda saýawanlar has giňden ýaýrap, peýdalanylyp başlanypdyr. Şol döwürde saýawanlar öndürilende ýüpek, deri, ýelek we gymmat bahaly materiallar ulanylypdyr. XVIII asyrdan başlap, saýawanlar ýagyş-ýagmyrdan we Gün şöhlesinden goranmak üçin gündelik durmuşda ulanylypdyr. Şondan soň ol täze tehnologiýalaryň, önümçiligiň ösmegi netijesinde saýawan öndürýän kärhanalar tarapyndan öndürilip, halk köpçüligine giňden ýaýrap başlapdyr.

Mekan AMAŞOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.