Çekeleşikli ýaryşlar
Bäherden etrabynyň sport we ýaşlar syýasaty bölümi tarapyndan etrabyň türgenleriniň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli ýakynda etrabyň sport mekdebinde geçirilen ýaryşlar hem muňa şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi bilen bilelikde guralan ýaryşa ýaş türgenlerden ybarat bolan toparlaryň birnäçesi gatnaşdy. Ýeňil atletika ýaryşyna «Berkarar», «Bagtyýarlyk», «Gala» toparlary has-da işjeň gatnaşdylar. Uly gyzyklanma döreden ýaryşyň netijesinde «Bagtyýarlyk» topary üstün çykdy. Toparyň üstünliginde Ýusup Sapardurdyýewiň, Nurgeldi Nurgeldiýewiň goşandy uly boldy.