Sport syýasatynyň gadamlary

12 Aprel 2021
1501

Üstünlige ýetilýär

Arkadag Prezidentimiz ilatyň saglygyny goramakda we berkitmekde bedenterbiýe we sporty ösdürmegiň möhüm ähmiýetine uly üns berýär. Sebäbi, sport sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy bolup durýar. Şonuň üçinem milli Liderimiz ilaty, öňi bilenem, ýaşlary sporta köpçülikleýin çekmek bilen bähbitli tagalla badalga berdi. Ajap eýýamymyzyň ýyllarynda sporty ösdürmekde ýetilen sepgitler, gazanylýan ýeňişler milli Liderimiziň öňe süren türkmen sportuny ösdürmegiň syýasatynyň gadamlarynyň batlanýandygyny äşgär edýär. Şol bir wagtda bu syýasatyň rowaçlanmagynyň ilatyň saglygyny goramakda, sagdyn durmuşyň dabaralanmagynda aýgytly ädimdigini bellemelidiris.