HABARLAR

Halkara sport baýramçylygy dowam edýär

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde 26-njy iýulda XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Sport janköýerleriniň uly gyzyklanma we sabyrsyzlyk bilen garaşan ýokary derejeli iri halkara sport ýaryşynyň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň milli ýygyndy toparynyň türgenleri hem uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Syýahatçylaryň hem-de jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýän Fransiýanyň paýtagty Parižde geçirilýän nobatdaky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Baýdagynyň belentde parlamagy biziň her birimiziň kalbymyzda buýsanç duýgusyny döretdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň syýasy durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleriň dabaralandyrylýan 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ýurdumyzyň sport ulgamynda ösüşdir özgerişler, şanly wakalar taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde türkmen türgenleri sebit we halkara derejeli sport bäsleşiklerine gatnaşyp, Watanymyzyň sport abraýynyň belende galmagyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Sport.

Sport — sagdynlyk we gözellik Şeýle at bilen TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrapdaky 1-nji sport mekdebiniň bilelikde guramagynda ady agzalan sport mekdebinde sport çäresi geçirildi. Sport çäresine TMÝG-niň etrap geňeşiniň işgärleri, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, etrapdaky 1-nji, 2-nji, sport mekdepleriniň tälimçileri, türgenleri gatnaşdylar.

Sungat. Ylham. Sport

Kaşaň köşgi-eýwanlaryňdyr ýaşaýyş jaý toplumlarynyň häziriki zaman binalar bilen ajaýyp sazlaşygy, uly şäheri ikä bölýän giň derýa, demir böleklerinden bina edilen hem-de uzaklardan seleňläp görünýän täsin diň. Gözel keşbi we taryhy ýadygärlikleri bilen jahankeşdeleriň söýgüli mekanyna öwrülen Pariž şäheri XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde bu gün ýene-de dünýäniň üns merkezinde. Medeni galkynyşyň mekany

Sport — parahatçylygyň we dostlugyň ilçisi

Türkmen türgenleri Parižde Olimpiada — 2024-iň açylyş dabarasyna gatnaşdylar Mälim bolşy ýaly, 26-njy iýulda Fransiýanyň paýtagtynda XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň türgenleri hem gatnaşdylar. 1896-njy ýylda fransuz jemgyýetçilik işgäri Pýer de Kuberten tarapyndan gaýtadan dikeldilen, her dört ýyldan bir gezek geçirilýän iri ýaryşlar Ýer ýüzüniň dürli künjeginden sport dünýäsiniň iň ezber wekillerini bir ýere jemleýär. Munuň özi sportuň parahatçylygyň we dostlugyň ilçisidigini görkezýär.

Türkmen türgenleri Parižde Olimpiada — 2024-iň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

26-njy iýulda Fransiýanyň paýtagtynda XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň türgenleri hem gatnaşdylar. 1896-njy ýylda fransuz jemgyýetçilik işgäri Pýer de Kuberten tarapyndan gaýtadan dikeldilen we her dört ýyldan bir gezek geçirilýän bu iri ýaryşlar Ýer ýüzüniň dürli künjeginden sport dünýäsiniň iň ezber wekillerini bir ýere jemleýär. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda geçirilen Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny Olimpiada — 2024-e ugratmak dabarasy mynasybetli hormatly Prezidentimiz türkmen türgenlerine Gutlag iberdi. Onda döwlet Baştutanymyz türgenleri bu halkara sport baýramçylygyna gatnaşmaga hukuk gazanmaklary bilen tüýs ýürekden gutlap, XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmegi hem-de eziz Diýarymyzyň halkara sport abraýyny täze, belent derejelere götermegi arzuw etdi.

Türkmen türgenleri Parižde Olimpiada — 2024-iň açylyş dabarasyna gatnaşdylar

26-njy iýulda Fransiýanyň paýtagtynda XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň türgenleri hem gatnaşdylar. 1896-njy ýylda fransuz jemgyýetçilik işgäri Pýer de Kuberten tarapyndan gaýtadan dikeldilen we her dört ýyldan bir gezek geçirilýän bu iri ýaryşlar Ýer ýüzüniň dürli künjeginden sport dünýäsiniň iň ezber wekillerini bir ýere jemleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň halkara sport abraýyny belende götermek, Olimpiýa oýunlarynda türgenlerimiziň üstünlikli çykyş etmeklerini gazanmak üçin hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Kararlara gol çekdi. Olara laýyklykda, Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça maksatnama işlenip taýýarlanyldy hem-de guramaçylyk topary döredildi. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda geçirilen Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny Olimpiada — 2024-e ugratmak dabarasy mynasybetli hormatly Prezidentimiz türkmen türgenlerine Gutlag iberdi. Onda döwlet Baştutanymyz türgenleri bu halkara sport baýramçylygyna gatnaşmaga hukuk gazanmaklary bilen tüýs ýüre

Türgenlerimiz Pariž Olimpiadasynda çykyşlaryna başladylar

Türkmen türgenleri Parižde dowam edýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda çykyşlaryna başladylar. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzüminde sportuň dört görnüşi — dzýudo, agyr atletika, suwda ýüzmek, ýeňil atletika boýunça çykyş edýän 6 türgen bar. 28-nji iýulda 66 kilogram agramda türkmen dzýudoçysy Serdar Rahimow Afrikanyň çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi, angolaly Edmilson Pedro bilen duşuşdy. Serdaryň duşuşygyň başynda utuk gazanan bäsdeşi soňlugy bilen ýeňişli hasaby saklamak üçin işjeňlik görkezmedi. Munuň tersine, türkmen pälwany ýeňşe bolan hyjuwy bilen garşydaşynyň hötdesinden gelmegi başardy. Edmilson Pedro işjeňlik görkezmändigi üçin üç gezek duýduryş alyp, ýaryşdan çykmaly boldy.

Olim­pia­da­lar döw­rün­de gy­zyk­ly wa­ka­lar

«7/24.tm» №31 (218)29.07.2024 Fran­si­ýa­nyň Pa­riž şä­he­rin­de XXXIII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän­li­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly biz oky­jy­la­ry­my­zy öň­ki ýyl­lar­da ge­çi­ri­len Olim­pi­ýa oýun­la­ry wag­tyn­da bo­lup ge­çen gy­zyk­ly wa­ka­lar bi­len ta­nyş et­me­gi ma­kul bil­dik.

Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryn­da we da­şa­ry sy­ýa­sat­da sport ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk­la­ryň äh­mi­ýe­ti

«7/24.tm» №31 (218)29.07.2024 Mä­lim bol­şy ýa­ly, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da be­den­ter­bi­ýe we sport jem­gy­ýe­tiň sag­dyn­ly­gy­ny üp­jün ed­ýän gym­mat­lyk hök­mün­de or­ta çyk­ýar. «Ýo­ka­ry sport­da Türk­me­nis­ta­ny dün­ýä ta­nat­mak me­niň esa­sy mak­sat­la­ry­myň bi­ri­dir» diý­ýän hor­mat­ly Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­sy bi­len, jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni or­naş­dyr­mak, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty wa­gyz et­mek, di­ňe bir içe­ri sy­ýa­sa­tyň mö­hüm bö­le­gi bol­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem onuň ma­ny-maz­mun ba­bat­da do­wa­my bo­lan da­şa­ry sy­ýa­sat­da, hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryn­da hem dün­ýä­de we se­bit­de asu­da­ly­gy, pa­ra­hat­çy­ly­gy, je­bis­li­gi go­rap sak­la­mak, dost-do­gan­lyk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny no­bat­da­ky tap­gyr­lar­da ös­dür­mek ba­bat­da mö­hüm jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy gu­ral hök­mün­de aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar.

XXXIII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry ha­kyn­da

«7/24.tm» №31 (218)29.07.2024.