«7/24.tm»: №47 (234) 18.11.2024
Kazan şäherinde ulularyň we ýaşlaryň arasynda guşakly göreş boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Çempionat 8 — 16-njy noýabr aralygynda dowam etdi. Ulularyň arasyndaky ýaryşlarda Türkmenistanyň ýygyndysy 9 medal gazandy. Olaryň 3-si altyn, biri kümüş, 5-si bürünç medallar. Türkmenistanyň guşakly göreş boýunça milli ýygyndysyna tejribeli hünärmen Nuraly Lollykow tälim berýär. Bu tejribeli tälimçiniň ýolbaşçylygynda türkmen pälwanlary Aziýa we dünýä çempionatlarynda üstünlikli çykyş edýärler. Kazan şäherinde guralan dünýä çempionatynyň netijeleri hem bu aýdylanlary doly tassyklaýar. Milli ýygyndymyzyň gazanan üstünligine Türkmenistanyň guşakly göreş görnüşleri federasiýasynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Şöhrat Mämmedowyň, şeýle-de, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymlary Şatlyk Myradow bilen Begmyrat Saparlyýewiň saldamly goşant goşandygyny aýtmak gerek. Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy, guşakly göreş boýunça halkara derejeli emin Amanmuhammet Batyrow bu bäsleşige emin hökmünde gatnaşdy.