De­mir­ýol­çu­lar maş­ga­la­sy

3 Awgust 2022
1225

Toýly agany köpler tanaýan bolsa gerek. Asyl olara demirýolçular maşgalasy hem diýilýär. Ata-ba­ba­la­ry­myz aras­sa, ha­lal zäh­met çek­me­giň her bir ada­ma eş­ret ge­tir­ýän­li­gi­ni «Çek­seň zäh­met, ýa­gar reh­net» di­ýen pa­ra­sat­ly pä­him­de be­ýan edip­dir­ler. Özü­niň bü­tin öm­rü­ni Wa­ta­ny­my­za, il-gü­nü­mi­ze hyz­mat et­mä­ge ba­gyş­lap, zäh­met­den bagt ta­pan bagtyýar maş­ga­la­sy bar. Ata-babaňdan gelýän asylly käri dowam etdirip, nesliňe geçirmek, elbetde, döwletlilikden nyşandyr.

Toý­ly aga 1980-nji ýyl­da Or­ta Azi­ýa de­mir ýo­lu­nyň Aş­ga­bat ra­ýat des­ga­la­ry eda­ra­sy­nyň iş­çi­si bo­lup zäh­met ýo­lu­na ga­dam bas­ýar. Ýaş­lyk joş­gu­ny bi­len ruh­lan­ýan ýaş ýi­gi­diň oku­wa bo­lan hö­we­si ony Daş­kent şä­he­rin­dä­ki De­mir ýol ulag­la­ry­nyň in­že­ner­le­ri­ni taý­ýar­la­ýan ins­ti­tu­ta alyp bar­ýar. Oku­wa uly yh­las bi­len ýa­py­şan Toý­ly 1995-nji ýyl­da bu ins­ti­tu­ty üs­tün­lik­li ta­mam­lap, in­že­ner-me­ha­nik hü­nä­ri­ni ele alyp, «Türk­men­de­mir­ýol­la­ry» mü­dir­li­gi­niň de­po bo­ýun­ça no­bat­çy­sy we­zi­pe­sin­de işe baş­la­ýar.