Owadan sen, owadan!

22 Iýul 2022
1803

Iş gutaransoň, pyýadalap gaýtmak endigi bilen ýola düşüpdim. Daş-töweregiň göwün göteriji keşbi ýadawlygyňy zym-zyýat edýärdi. Ýanýodalaryň iki gapdalyna görk berýän bägüllere hüjüm edýän bal arylaram bu gözellige meluldy. Ýerasty hem ýerüsti geçelgelerden topar-topar bolup geçip gelýän okuwçylaryň tertip-düzgünli hereketleri bu barlygyň görküni artdyrýardy. Görkana görnüşe taý bolup öwşün atýan bägülleriň deňinden biparh geçip bilmän, her ädimde jedirdäp, ejelerini dürli sowallar bilen ýylgyrdýan gyzjagazlar bu gözellige jan giren ýaly edipdiler. Gyzjagazlary bir-de, gülleriň gyzyl, ak, sary bolup öwşün atmasy gyzyklandyrsa, bir-de, bulary arylaryň güllerden aýrylyp gidibermeýändigi özüne çekýärdi. Ençeme sowalyň başyny agyrdan gyzjagazlaryň biri gülleriň ajaýyplygyndan aýrylyp bilmän durşuna, ahyryn ejesine bakyp:

— Eje, menem owadanmy? — diýip, garaşylman duran sowal bilen ýüzlendi. Bu ýöne dilujuna aýdylan söz däldi. Gyzjagaz ejesine ýüregini açýardy. Ýaşajyk ene gyzlaryň ikisinem bagryna basdy. Ýuwaşlyk bilen, mylaýym sözledi:

Amangül NURMYRADOWA,
«Zenan kalby».