Ekologiýa abadançylygynyň hatyrasyna

11 Iýul 2022
1400

Bitarap Türkmenistanyň energetika syýasatynyň maddy binýadyny ýurduň nebit, tebigy gaz, beýleki uglewodorod we mineral gorlar ýaly tebigy baýlyklary emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, energetika ulgamynda gatnaşyklaryň kanunçylyk taýdan sazlaşykly ýola goýulmagy möhümdir. Döwletimizi 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryndan biri hem ýangyç-energetika pudagynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegidir.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 1­nji iýulynda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz «ýaşyl» energetikanyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini işjeň ulanmagyň zerurdygyny nygtap, munuň ýurdumyzy durmuş­ykdysady taýdan ösdürmegiň giň möçberli maksatnamalarynda döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýän elektroenergetika pudagynyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna gönüden­göni ýardam berjekdigini belledi. Şol mejlisde döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada şertnamany, suw üpjünçiliginiň hem-de lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inženerçilik ulgamlaryny we desgalaryny gurmak, umumy ulgama birleşdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde, «Serdar» elektrik bekedinden köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyna çenli elektrik geçirijisini gurmak üçin enjamlary hem-de materiallary satyn almak barada şertnamany baglaşmaga ygtyýar berilmegi bilen bagly degişli Karara gol çekdi.

Şöhrat MÄMMETGURBANOW,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň bölüm müdiri