Watanymyzyň tükeniksiz baýlygy

5 Iýul 2022
1241

Tebigat — tükeniksiz baýlyk, mährem ojak. Ynsany tebigatdan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Çünki tebigat ylham çeşmesi, gözelligiň, sungatyň özi. Şonuň üçinem ruhy gözelligi bagyş edýän sungat eserleri döredilende hem tebigat ylham akabasy bolup çykyş edýär.

Hoşniýetlilik, döwletlilik ýörelgelerini özüne hemra edinen halkymyz tebigat, bag ekmek barada «Bagym bar, barym bar», «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky» diýen ýaly pähim-parasatlary döredipdirler. Gadymy döwürlerden bäri türkmen halky tebigat bilen ysnyşykly ýaşapdyr. Ata-babalarymyz perzentlerine tebigaty söýmelidigini, onuň gözelligine, baýlygyna aýawly garamalydygyny ündäpdirler.

Batyr ALYALYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Botanika bagynyň Dendrologiýa bölüminiň müdiri.