Ene — döwletlilik

6 Aprel 2022
1473

 5-nji aprelde paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde  Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde  guramagynda  Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym—mukaddeslige tagzym» atly kitaby esasynda  «Ene — döwletlilik» ady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň maksady ýaş nesilde zähmetsöýerligi, dogruçyllygy, mertligi, ula hormat goýmagy terbiýelemekden hem-de maşgalada zenanlaryň tutýan ornuny açyp görkezmekden ybarat boldy.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda emin agzalarynyň adalatly çözgüdi esasynda Baş baýraga Mary welaýatynyň Mary etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň türkmen dili we edebiýaty mugallymy Gülälek Nuryýewa we Türkmengala etrabyndaky 7-nji çagalar bakja bagynyň aýdym-saz mugallymy Sona Gurdowa mynasyp boldy. Birinji orny Balkan welaýatynyň Serdar şäherindäki 11-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Sülgün Balgulyýewa we «Türkmennebit» döwlet konserniniň Nebitgaz burawlaýyş trestiniň aragatnaşyk müdirliginiň nebitçileriň Medeniýet köşgüniň Dutar gyjakly halk saz gurallar orkestriniň bagşysy Aky Ýagşygeldiýewa eýeledi. Baýrakly ikinji orny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti muzeýi bölüminiň muzeý gymmatlyklaryny saklaýyş we gazna gorag bölümçesiniň gaznalary goragçysy Merjen Durdyýewa, Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň Garadaşaýak Medeniýet öýüniň müdiri Akjagül Muhammedowa, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň Rowaçlyk geňeşliginiň oba medeniýet öýüniň müdiri Näzik Ýollyýewa we Görogly etrabyndaky 47-nji orta mekdebiň mugallymy Dünýägözel Ýowyýewa gazandy. Bäsleşigiň üçünji ornuna Ahal welaýatynyň Tejen şäherindäki Garaja Burunow adyndaky 2-nji orta mekdebiň rus dili mugallymy Bahargül Rasulowa, Tejen etrabynyň Medeniýet merkeziniň teatr studiýasynyň II derejeli artisti Aýgül Kakalyýewa, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 45-nji Serdar çagalar bagynyň saz ýolbaşçysy Dursun Babanazarowa we Köýtendag etrabyndaky 4-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Maýa Seýdalyýewa mynasyp boldy.

Ýörite habarçymyz.