Hoşniýetli ýörelgelere ygrarlylyk

30 Dekabr 2021
2470

Türkmenistanyň harby howpsuzlygyny we çäkleriniň bitewüligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýän ýörelgeleriň, maksatlardyr wezipeleriň döwlet derejesinde resmi taýdan kabul edilen ulgamy bolan Harby doktrinanyň binýatlyk ýörelgeleri hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesinden ugur alýar. Geçen çärýek asyrdan gowrak döwrüň içinde ýurdumyz sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmäge uly goşant goşdy, ýüze çykýan meseleleri parahatçylyk, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözmek ugrunda çykyş edip, Bitaraplyk derejesiniň ýokary netijeliligini subut etdi.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Bitaraplyk syýasy, ykdysady, taryhy, medeni ugurlary öz içine alýan döredijilikli ýörelgedir. Ol ýurdumyzyň Harby doktrinasynda hem ösdürilip, parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy we demokratik ýörelgeleri dabaralandyrýar. Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permany bilen, Türkmenistanyň täze Harby doktrinasy tassyklandy. Bu maksatnamalaýyn resminama taýýarlananda, Gahryman Arkadagymyzyň: «Watan goragçysy hiç ýerde we hiç zada mätäç bolmaly däldir. Ol azyk bolçulygy, oňaýly harby lybaslar, ygtybarly hem-de oňat işleýän tehnikalar we ýaraglar bilen üpjün edilmelidir» diýen sargytlaryndan ugur alyndy.

Daýanç KAKABAÝEW,
Ahal welaýatynyň harby prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.