Parahatçylygyň we ösüşiň ýurdy

27 Dekabr 2021
2329

Milli Liderimiz ata-babalarymyzyň wesýet eden dostluk, ynsanperwerlik ýörelgelerini we «Açyk gapylar» syýasatyny ýöredip, eziz Watanymyzy gülledip ösdürmek bilen birlikde halklaryň abadançylygyny gorap saklamakda we dünýäniň ählumumy howpsuzlygyny üpjün etmekde ilkibaşdan ösüş arkaly parahatçylyk ýoluny saýlap aldy. Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän asylly başlangyçlary dünýäniň halklarynyň abadan ýaşamaklaryna, içeri we daşary syýasatyň ösmegine oňaýly täsir edýär. Munuň şeýledigine Bitarap Türkmenistanyň ýylyň-ýylyna ykdysadyýetde, ylym-bilim ulgamynda, medeni-ynsanperwerlik gatnaşyklarda gerimini giňeldýän halkara hyzmatdaşlygynyň mysalynda hem anyk göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyzyň üstünlikli ýöredýän daşary syýasaty parahatçylygyň we ösüşiň guraly hökmünde sebitdäki gatnaşyklaryň ynsanperwerleşmegine özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Pederlerimiz elmydama goňşy halklar bilen agzybir, oňşukly, parahat ýaşamagy ündäpdirler. Olar beýleki halklaryň medeniýetini, sungatyny we däp-dessurlaryny hormatlapdyrlar.

Bu ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmekde we pugtalandyrmakda häzirki döwrüň halkara gatnaşyklary ulgamynda özüniň mynasyp we täsirli ornuny barha berkidýän Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygy esasynda parahatçylygyň we durnukly ösüşiň täze ýeňişli ösüşlerini nazarlap, ynamly öňe barýar. Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän ynsanperwer syýasat ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda has kämilleşdirilýär we ösdürilýär.

Bahram KOLDAŞOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň welaýat müdirliginiň döwlet sanawyny alyp barýan döwlet bellige alyjysy.