Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary

17 Oktýabr 2021
797

Geçen anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylan bu mejlisde resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna hem seredildi.

Ilki bilen, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça Mejlisiň alyp barýan işleriniň netijeleri, soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew geçirilen işler barada maglumat berdiler.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar