Ajaýyp kitabyň ýene bir jildi

17 Oktýabr 2021
572

Ýagşy zat buşluk habar ýaly bolýar diýleni. Ine, şeýle buşluk hoş habarlaryň ýene biri Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramynda Gahryman

Arkadagymyzyň lukmançylyk paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň 13-nji jildiniň halkymyza gowuşmagy boldy. Bu hoş habar biziň köňül guşumyzy has-da belende göterdi. Ylmy maglumatlara baý bolan kitaplar diňe bir milli lukmançylyk ylmynda däl, eýsem, dünýä lukmançylygynda hem öz mynasyp ornuna eýedir. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp ylmy kitabynyň ençeme tomlary dünýä halklarynyň birnäçesiniň diline terjime edildi. Bu kitapda 120 sany dermanlyk ösümlikleri barada giňişleýin maglumat berilýär. Her bir ösümligi haýsy wagtda we ony nirden ýygnamalydygy beýan edilýär. Eziz Diýarymyza, ynsana we tebigata bolan söýgi kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar