Gymmatly eseriň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy

17 Oktýabr 2021
545

14-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Ýokary derejede guralan bu dabarada Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky we Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hem-de döwürleýin neşirleriň baş redaktorlary çykyş etdiler.

Çykyş edenler we dabara gatnaşan talyp ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Ak şäherim Aşgabat» atly gymmatly eseriniň gysga wagtda daşary ýurt dillerinde çap edilmeginiň hormatly Prezidentimiziň eserleriniň daşary ýurtly okyjylar tarapyndan hem uly gyzyklanma bilen okalýandygyny subut edýär diýip nygtadylar.

Gytja ATDAÝEWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby.
Beýleki habarlar