Dostluk ýoly dowamat-dowam

8 Oktýabr 2021
706

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji oktýabrda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň Russiýa tarapyndan başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Myhman dostlukly ýurduň wekiliýetiniň uly toparyna ýolbaşçylyk edip, iş sapary bilen Aşgabada geldi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy ýakynda bellenip geçilen şöhratly sene — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

«Watan».
Beýleki habarlar