Belent sarpanyň nyşany

8 Oktýabr 2021
795

6-njy oktýabrda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary ýatlap, Hatyra güni bellenilip geçildi. Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine gatnaşdy.

Ir bilen aşgabatlylaryň müňlerçesi paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän we edermen gahrymanlarymyza buýsanjyň, halkymyzyň özüniň geçmişine hormatynyň nyşanyna öwrülen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna geldi.

«Watan».
Beýleki habarlar