Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul edişlikleri

8 Oktýabr 2021
629

7-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň Russiýa tarapyndan başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Myhman dostlukly ýurduň wekiliýetiniň uly toparyna ýolbaşçylyk edip, iş sapary bilen Aşgabada geldi.

Döwlet Baştutanymyz hem-de Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri işjeň, netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň şu günki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşyp, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika toplumy, oba hojalygy, himiýa, gaýtadan işleýän senagat, ulag-aragatnaşyk we birnäçe beýleki ileri tutulýan möhüm ugurlarda gatnaşyklary has-da depginli ösdürmek üçin uly kuwwatyň hem-de mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň, özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň eýeleýän orny aýratyn bellenildi.

Beýleki habarlar