Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden soňky oýlanmalar

8 Oktýabr 2021
629

Bähbitli çözgütler

Ýakynda welaýat häkimliginiň, TDP-niň welaýat komitetiniň, TSTP-niň welaýat komitetiniň, TAP-nyň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, TZB-niň welaýat bölüminiň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde guramaklarynda maslahat geçirildi. “Türkmenistanyň Halk Maslahaty: Garaşsyzlyk döwründe gazanylan üstünlikler we öňde durýan wezipeler barasynda” atly bu maslahat 2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň 25-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýokary derejede guramaçylykly geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň jemlerine bagyşlanyldy. Maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryna mynasyp bolan önümçiligiň öňdebaryjylary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular we mährem eneler gatnaşdylar.

Beýleki habarlar