Hal­ka­ra baý­ra­gy­na eýe bol­dy

8 Oktýabr 2021
704

  Ru­my­ni­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Klaus Ýo­han­nis Ýew­ro­pa­da­ky gym­mat­lyk­la­ryň, ag­zy­bir­li­giň, bi­rek-bi­re­gi yk­rar et­me­giň we bar­ly­şy­gyň aja­ýyp nus­ga­sy­ny gör­ke­zen sy­ýa­sat­çy hök­mün­de Be­ýik Karl adyn­da­ky Hal­ka­ra baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­dy. Ger­ma­ni­ýa­nyň Ahen şä­he­rin­de ge­çi­ri­len baý­rak gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy­na Ýew­ro­pa Ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Çarlz Mi­şel gat­naş­dy.
– Klaus Ýo­han­nis Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň gün­do­gar bö­le­gin­de öz ýö­rel­ge­le­ri­ne we­pa­ly, bi­ziň umu­my Ýew­ro­pa gym­mat­lyk­la­ry­my­zy ber­jaý ed­ýän şahs­dyr. Ol uly yh­las bi­len ka­nu­nyň äh­li zat­dan ýo­ka­ry­dy­gy­ny öňe sü­rüp, Ýew­ro­pa sy­ýa­sa­ty­ny alyp bar­ýar. Ýo­han­nis öz gö­rel­de­si bi­len Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ni has-da güýç­len­dir­di – di­ýip, Ýew­ro­pa Ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Çarlz Mi­şel aýt­dy.
– Bu baý­rak me­niň üçi­n, hä­zir­ki wagt­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ra­ýat­la­ry bo­lan wa­tan­daş­la­rym üçi­n hem aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Bu Bi­le­le­şik de­mok­ra­ti­ýa we Ýew­ro­pa­nyň je­bis­li­gi ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýar – di­ýip, Ru­my­ni­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Klaus Ýo­han­nis aýt­dy.
1950-nji ýyl­dan bä­ri Be­ýik Karl hal­ka­ra baý­ra­gy Ýew­ro­pa­nyň bir­leş­me­gi­ne go­şan go­şan­dy üçin şah­sy­ýet­le­re we gu­ra­ma­la­ra be­ril­ýär. Bu baý­ra­ga my­na­syp bo­lan sy­ýa­sat­çy­la­ryň ara­syn­da BMG-niň Baş sek­re­ta­ry An­to­nio Gu­ter­reş, Fran­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Em­ma­nu­el Mak­ron, Ger­ma­ni­ýa­nyň Kans­le­ri An­ge­la Mer­kel bar.  

Beýleki habarlar