Halkyň hakydasy bakydyr

7 Oktýabr 2021
875

6-njy oktýabrda — Hatyra gününde türkmenistanlylar 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen ýatladylar. «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Hakyda halkyň ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegidir. Bu nesilleriň arasyndaky arabaglanyşyk bolup, durmuşy aýratyn çuň many-mazmuna eýe edýär, geçmişe nazar aýlap, geljege ynamly garamaga mümkinçilik berýär.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar