Goňşy goňşynyň örki

6 Oktýabr 2021
851

Dünýäniň ähli döwletleri, aýratyn-da, goňşy ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pähim-paýhasa ýugrulan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Milli Liderimiziň 4-5-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasyna bolan resmi sapary bu hakykaty ýene bir ýola tassyklady.

4-nji oktýabrda günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz resmi sapar bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Hormatly Prezidentimizi Daşkent şäheriniň Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

«Watan».
Beýleki habarlar