Türkmen-özbek gatnaşyklary

6 Oktýabr 2021
859

Şu ýylyň 4 — 5-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiz goňşy Özbegistan Respublikasynda resmi saparda boldy. Döwlet Baştutanymyzyň bu sapary mizemez dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň gadymy ýörelgelerine esaslanýan köpasyrlyk türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň taryhynda möhüm sahypany açdy. Sapar mahalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ýokary derejede gepleşikler geçirildi. Gepleşiklerde iki ýurduň mundan beýläk-de özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň hem-de bar bolan kuwwatlyklaryň doly durmuşa geçirilmegi boýunça mümkinçiliklere garaldy.

Nobatdaky ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyk döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Gepleşikleriň barşynda taraplar sebit we ählumumy syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar. Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Iki ýurduň Liderleri Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Bularyň ählisi döwletara gatnaşyklaryň strategik häsiýete eýediginiň, köpugurly hyzmatdaşlygyň hukuk esaslarynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň aýdyň netijesidir.

«Esger».
Beýleki habarlar