Ýurdumyzyň asudalygynyň goragynda

6 Oktýabr 2021
775

4-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda şu ýylyň 9 aýynda harby we hukuk goraýjy edaralarda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi. Şeýle hem degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary özleriniň tabynlygyndaky düzümlerde alnyp barlan işler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hormatly Belent Serkerdebaşymyza hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz mejlisde milli goşunymyzyň ähli düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ilkinji nobatda, dünýäniň ösen tejribesini işjeň ornaşdyrmak, harby gullukçylary hünär taýdan kämilleşdirmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini nygtady. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik we harby-syýasy strategiýasynyň ygtybarly binýadydyr. Milli Liderimiz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny hem-de daşary syýasy ugruny nazara almak arkaly işlenilip taýýarlanylan we goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şahsy düzümleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, şeýle-de harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş, gulluk hem-de dynç alyş şertlerini gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli üns merkezinde saklanmalydygyny nygtady. Hormatly Belent Serkerdebaşysymyz harby gullukçylaryň ata Watanymyza söýgüsini artdyrmak we olary watançylyk ruhunda terbiýelemek meseleleriniň wajypdygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

«Esger».
Beýleki habarlar