Möhüm wezipeler kesgitlenildi

5 Oktýabr 2021
883

Öňňin Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi.

Şu ýylyň 9 aýynda harby we hukuk goraýjy edaralarda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşylan bu mejlisiň dowamynda olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi. Şeýle hem degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar