Milli ykdysadyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen beýik işler

3 Oktýabr 2021
830

Geçen anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan bu mejlisde milli ykdysadyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew Mejlis, Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça geçirilen işler barada maglumat berdiler.

«Mugallymlar gazeti».
Beýleki habarlar