«Aşgabat» gapylaryny giňden açýar

1 Oktýabr 2021
716

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurlan hem-de sebitde deňi-taýy bolmadyk Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat, «Aşgabat» diýlip atlandyrylan binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Şu ýyl her bir türkmenistanly üçin mukaddes bolan Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Bu ajaýyp sene şu täze açylan toplumyň adynda öz beýanyny tapdy. Eziz Diýarymyzyň baş şäheriniň çäkleriniň giňeldilmegini hem-de ilatynyň artmagyny nazara almak bilen işlenilip taýýarlanylan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bu taslamasyna paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini özgertmek maksady bilen döredilýän düzümde möhüm halka hökmünde aýratyn dereje berildi. Taslama döwlet Baştutanymyzyň 2018-nji ýylda gol çeken Kararyna laýyklykda, «Beýik bina» hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy.

Ýörite habarçymyz.
Beýleki habarlar