Paýhasyň sönmez çyragy

1 Oktýabr 2021
602

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda mähriban halkymyz ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny uludan toýlady. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary bitirilýän beýik işler bilen dabaralanýar. Garaşsyz Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň iň öňdebaryjy senagat taýdan ösen ýurtlarynyň hataryna goşuldy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi gün-günden ýokarlanýar, rowaçlanýar. Munuň özi ýurdumyzda parahatçylygy, asudalygy we abadançylygy üpjün etmekde, jemgyýetimizi has-da kämilleşdirmekde, halkymyzyň aň-paýhasly döredijilik-gurujylyk kuwwatyny täze derejelere çykarmakda möhüm esas bolup durýar.

Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda, ylym-bilim pudagy düýpli döwrebaplaşdyrylýar. Ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan okuw edaralary bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylýandygyny şertlendirýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen her ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden baýram edip bellenip geçilýär.

Amangeldi ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar