Watana gulluk etmek — beýik borç

29 Sentýabr 2021
691

Eziz Watanymyzyň hemmetaraplaýyn okgunly ösüşini üpjün etmekde, döwlet Garaşsyzlygyny berkitmekde we gorap saklamakda hem-de kanunylygy, hukuk tertibini berk berjaý etmekde harby we hukuk goraýjy edaralara möhüm orun degişlidir. Eziz Diýarymyzyň durmuşynda we milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli guralan medeni-köpçülikleýin çäreleriň, dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi degişli düzümleriň bilelikdäki tagallalarynyň aýdyň netijeleri bolup durýar.

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu beýik baýramçylygyň hormatyna guralan dabaralaryň çäklerinde, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasyna gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda milli Liderimize «Türkmen edermen» medaly hem-de «Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy» atly ýubileý medaly gowşuryldy.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar