Türkmenistanyň milli geňeşiniň mejlisiniň karary

29 Sentýabr 2021
809

Türkmenistanyň Prezidenti,  Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy,  Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen sylaglamak hakynda

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli harby özgertmeleriň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň goranyş kuwwaty we maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandyrylýar. Watan goragçylarynyň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertleri düýpli özgerdilip, olaryň netijeli gulluk etmekleri üçin ähli döwrebap şertler döredilýär.

Beýleki habarlar