Türkmenistanyň Prezidenti “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi

29 Sentýabr 2021
650

Aşgabat, 28-nji sentýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda ýurdumyza gelen “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petrugy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi Garaşsyz Türkmenistanyň ägirt uly gazananlaryny alamatlandyrýan esasy döwlet baýramy bilen gutlady we ýurdumyza saýlap alan ýolunda uly üstünlikler gazanmagy arzuw etdi.

Beýleki habarlar