Resmi habarlar

25 Sentýabr 2021
822

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň tiz kömek awtoulaglary bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak we ilatymyza edilýän tiz saglygy goraýyş kömeginiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ätiýaçlyk gorundan 10 sany «Mercedes-Benz Sprinter 224 Panel» kysymly awtoulagy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hasabyna gullukda ulanmak üçin bellenen tertipde muzdsuz bermek bellenildi.

* * *

(TDH)
Beýleki habarlar