Türkmenistan täze teklipleri öňe sürdi

24 Sentýabr 2021
917

23-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň Nýu-Ýorkda ýerleşen BMG-niň ştab-kwartirasynda geçen hepdede açylan 76-njy mejlisinde sanly ulgam arkaly çykyş etdi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň gün tertibinde halkara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryny öz içine alýan meseleleriň giň topary bar. Esasy temalaryň hatarynda bolsa dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki zamanyň ählumumy wehimlerine we howplaryna garşy hereket etmek, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, ekologiýa we beýleki meseleler durýar. Pandemiýa garşy göreşmek hem-de netijeli köptaraplaýyn usullary işläp düzmek arkaly onuň täsirlerini ýeňip geçmek meselesine aýratyn üns berilýär.

«Watan».
Beýleki habarlar