Şanly wakanyň bosagasynda

8 Sentýabr 2021
822

Öňňin döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda öňde boljak Halk Maslahatynyň mejlisini guramak, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny baýram etmek hem-de täze iri desgalaryň birnäçesiniň açylyşy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz maslahatyň başynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol şanly sene mynasybetli paýtagtymyzda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi barada maglumat berdi.

«Watan».
Beýleki habarlar