Raýatlyga bolan konstitusion hukuk

8 Sentýabr 2021
684

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunlarynda berkidilen adamyň we raýatyň hukuklarynyň amala aşyrylmagy, borçlarynyň göwnejaý berjaý edilmegi ugrunda ýurdumyzda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Türkmenistanyň konstitusion gurluşynyň konsepsiýasynda adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň tebigy häsiýetliligi barada taglymatlar hem-de olaryň aýrybaşgalanmasyzlygy ilkinji gezek göz öňünde tutuldy. Türkmenistanyň raýatlarynyň syýasy we hukuk medeniýetine esaslanýan we şol bir wagtda-da döwlet gurluşynyň ykrar edilen öňdebaryjy dünýä tejribelerinden ugur alýan häzirki zaman kanunçylygymyz halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary bilen yzygiderli utgaşdyrylýar.

Aýna NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgäri, içerki gullugyň maýory, hukuk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar