Durnukly ösüşiň bähbidine

8 Sentýabr 2021
659

Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan borçlaryna gyşarnyksyz eýerýän Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasy hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri, köpasyrlyk däpleri, taryhy we medeni umumylyklary, täze syýasy-ykdysady ýagdaýlary nazara almak esasynda sebitiň döwletleri bilen ýola goýan gatnaşyklarynda aýdyň beýanyny tapýar. Ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasaty Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan giň goldawa eýe bolup, ähli möhüm ugurlar bilen birlikde, durnukly ulag ulgamyny üpjün etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Umumadamzat ähmiýetli bu Kararnamanyň döredijileri hökmünde 48 döwlet çykyş etdi. Resminamada dünýä ykdysadyýetinde, hususan-da, ulag ulgamynda häzirki wagtda ýüze çykan töwekgelçilikleri peseltmek boýunça halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny güýçlendirmek hem-de bu babatda degişli hukuk binýadyny kemala getirmek ýaly möhüm wezipeleriň kesgitlenendigi bellärliklidir. Kabul edilen täze resminamanyň Milletler Bileleşigi derejesinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen kabul edilen Kararnamalaryň on altynjysydygy, ulag ulgamy boýunça bolsa dördünjisidigi guwandyryjydyr.

Gurban MYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar