Kaknus guşuň owazy

8 Sentýabr 2021
1220

Gadym eýýamda bir patyşalygyň serhowuzly, alma-enarly, gül-gunçaly çarbagynda bir ajaýyp guş saýrar eken. Ol guşuň özi naşyja, kiçijik bolsa-da, onuň şirin owazy patyşalygyň ähli künjegine ýaýrar eken. Ol guşuň owazyny eşiden ýaşaýjylar her bir günlerini şadyýanlykda, bagtyýarlykda geçiripdirler. Emma bu ýagdaý uzak dowam etmändir. Şol günleriň birinde ýurduň patyşasy agyr näsaglapdyr. Patyşa edilen emler, melhemler netije bermändir.

Patyşa gurrandazlaryny, köşk emeldarlaryny, din hadymlaryny ýanyna çagyryp, öz derdine em tapmagy tabşyrýar. Ozaldan hem owadan owaz edýän, adamlara ruhy lezzet berýän saýrak guşdan dynmagyň hajatyny gözläp ýören ýaranjaňlar şol günüň ertesi patyşanyň huzuryna gelip:

Beýleki habarlar