Arça — dagyň bezegi

7 Sentýabr 2021
1392

Arça gyşyn-ýazyn ýaşyl öwsüp, gojaman daglara ýaşaýşyň öwüşginini çaýýan täsin we peýdaly daragtlaryň biridir. Onsuz dag tebigatyny göz öňüne getirmek-de kyn. Arça gaýa daşlarynyň düýbünden kök urup, tebigatyň gaý-tupanyna, syrgyn-harasadyna, ýel-ýagmyryna per bermän, misli daglaryň özünden nusga alýan ýaly, uzak ömür sürýär. Olar Ýer ýüzünde 50 million ýyl bäri ösýän gadymy daragtlaryň biri hasaplanýar. «The Plant List» («Ösümlikleriň sanawy»—ösümlikler baradaky ensiklopedik maglumat çeşmesi) internet-taslamasynyň maglumatlaryna görä, arçanyň dünýäde biri-birinden ösüşi, durkunyň gurluşy, ýapraklarynyň reňki, miwesi taýdan tapawutlanýan 75 görnüşi hasaba alnypdyr. Häzirki wagtda bu daragt Wengriýada, Italiýada has köp ösdürilip ýetişdirilýär. Ýabany arça Ýewropada, Amerikada, demirgazyk Aziýada duşýar.

Arça gyrymsy agaç görnüşinde 1-3 metr, uly daragt görnüşinde 12-30 metre çenli ösüp boý alýar. Ýöne bu agaç örän haýal ösýär. Ýüz ýaşan käbir arçanyň boýy 5 metrden geçmeýär. Ol ortaça 200-300 ýyl ýaşaýar. Ýöne 500-600 ýyl bäri ösüp oturanlaryna-da duş gelmek mümkin. Häzirki wagtda iň uzak ýaşan arça Krymda ösýär. Alymlaryň çaklamasyna görä, agajyň 2000 ýyl ömri bar.

Taýýarlan Serdar BÄŞIMOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar