Geçen duşenbe güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bugdaý ekişini ýokary hilli we guramaçylykly geçirmek hem-de pagta ýygymyna girişmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.